Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa - Yslam dünýäsi:KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

2024-nji ýylda «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçýär.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasynda bolan gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Rustam Minnihanow özara bähbitlilik, uzak möhletlilik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň baý oňyn tejribesi esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Soňra Arkadagymyzyň we Tatarystanyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalary parkyna bardy. Bu ýerde «Russiýa - Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň «Russiýa -Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş» atly mejlisi geçirildi.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany duşuşygy açyp, häzirki wagtda bu toparyň ornunyň barha artýandygyny belledi. Bellenişi ýaly, forum Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklarda baglanyşdyryjy köprä öwrüldi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Rustam Minnihanowyň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ornuny hem-de ykdysady, medeni, ylym, bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmekde köp ýyllaryň dowamynda bitiren şahsy hyzmatlaryny belläp, onuň ähli türkmen halkynyň arasynda uly hormata we abraýa eýediginiň kanunalaýyk ýagdaýdygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň 86-synyň awtordaşlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklip eden Kararnamasynyň şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýene-de bir möhüm waka boldy.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu forumda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, gyzyklanma bildirýän beýleki halkara düzümler bilen ara alyp maslahatlaşmagyň, onuň üstünde bilelikde işlemegiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň biriniň resminamasy hökmünde öňe sürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Arkadagymyz çykyşynda Yslam başlangyjynyň ähli döwletleriň oňa goşulyşmagy üçin açyk bolmalydygyna ünsi çekdi.

Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda şeýle goldawa ýokary baha berilýär we oňa diňe bir biziň milli akyldarymyza däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna hormat goýmagyň, Türkmenistan bilen ruhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem taýýarlygyň nyşany hökmünde garalýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda üns berendikleri üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Tatarystanyň Baştutany öz esasy çykyşynda häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy meseleleriniň birnäçesi barada aýdyp, «Russiýa - Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň öz derejesinde bu meseleleriň jogabyny gözlemäge ýardam etmelidigini belledi. Syýasy ulgamyň durnuklylygyny, ykdysady kuwwatyň ýokarlandyrylmagyny, medeni hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryň saklanylmagyny we ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine bardy.

Bu ýerde «Russiýa - Yslam dünýäsi» XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Russia Halal EXPO» maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Sergä Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň wekilleri, azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sergidäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň ähli pudaklarda, şol sanda hususy ulgamda gazanýan üstünlikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri barada düşünje berýär.

«Russia Halal EXPO» maýa goýum we infrastruktura taslamalary sergisiniň çäklerinde duşuşyklar guraldy. Olaryň dowamynda türkmen hünärmenleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystanyň Baştutany bilelikde Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler.

Arkadagymyz we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny we iki tarapyň hem özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini tassykladylar.

mfa.gov.tm