Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi. Olar özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýan medeni çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, 15 ýyl mundan ozal Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleri, Wena ballary, beýleki medeni-ynsanperwer çäreler bar.
Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen gutlady. Şahyryň goşgulary adamlary dostluga, parahatçylyga çagyryp, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz zähmeti üçin minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
mfa.gov.tm