BMG-nyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde Baş konsullygyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy hanym Tomoko Kutoba bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda, T.Kutuba Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilen TOPH gaz geçirijisi, TOP elektrik geçirijisi we demir ýol ugry boýunça uly taslamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hem-de durnukly ösüş babatynda alyp barýan anyk işlerini aýratyn nygtady.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda Owganystanyň durnukly, parahat we ösýän ýurda öwrülmegine berk ygrarlylyk bildirdiler hem-de owgan halkyna kömek bermekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny bellediler.