Eýranyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk hakynda
2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýei bilen duşuşdy.
Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ýokary we iň ýokary derejede duşuşyklaryň ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny giňeltmekde möhümdigini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy. Gün tertibinde ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ulag-üstaşyr potensialyny ýokarlandyrmak meseleleri hem bar.
Diplomatlar şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara, esasanam Eýran tarapynyň Türkmenistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli halkara çärelerine gatnaşmagyna üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek ugrunda ygrarlydyklaryny tassykladylar.
mfa.gov.tm