Türkmenistanyň wekiliýeti Parlamentara Bileleşiginiň 148-nji Assambleýasynyň işine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 23-24-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Parlamentara Bileleşiginiň 148-nji Assambleýasynyň işine gatnaşmak maksady bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýeti gender syýasatynyň ugurlaryna we durnukly parahatçylygy üpjün etmekde parahatçylyk dörediji zenanlaryň ornuna bagyşlanan Zenan parlamentarileriň forumynyň işine gatnaşdy.

Forumyň barşynda çykyş etmek bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we gender deňligini üpjün etmek işine oňyn täsirini ýetirýän, BMG we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada belledi.  

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilýändigi aýratyn nygtaldy.

Şol günüň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Parlamentara Bileleşiginiň Prezidenti Tuliýa Aksonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Möhüm çärä çakylyk we onuň işine gatnaşmaga mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapy Türkmenistan bilen Parlamentara Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýratyn belledi.

Parlamentara Bileleşigiň Prezindenti öz gezeginde Türkmenistanyň zenan parlamentarileriniň milli Parlamentiň düzümindäki we halkara giňişligindäki işjeňligine ýokary baha berdi.

Parlamentara Bileleşigiň Prezidentiniň şol bir wagtyň özünde Tanzaniýanyň Parlamentiniň wekili bolup durýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn esasda hem hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy Tanzaniýanyň wekiliýetini Türkmenistanda kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.

2024-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýeti dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň, şol sanda 55 ýurduň milli parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň wekilçilik eden Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň işine gatnaşdy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň ählumumy we sebit derejesinde, şol sanda parlament diplomatiýasynyň gurallary arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde öňe sürýän başlangyçlary barada durup geçdi.

Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjülikli syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan goldanýandygyna şaýatlyk edýändigi bellenildi.  

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurnalmagy meýilleşdirilýän sebitleýin maslahat barada habar berilip, agzalan maslahatyň işine işjeň gatnaşmaga çakylyk beýan edildi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Parlamentara Bileleşiginiň Baş direktory Martin Çungongyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyjy döwletlere, hususan-da kanun çykaryjy edaralara häzirki zaman şertlerinde alyp barýan işlerini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän şeýle halkara çäreleriň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

Parlamentara Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklary çygrynda bilelikdäki çäreleri geçirmäge gyzyklanma bildirildi. Bileleşigiň dolandyryş edaralarynda Türkmenistanyň wekilçilik etmek mümkinçiligi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaş parlamentariler forumynyň işine hem gatnaşdy we foruma gatnaşyjylary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty bilen tanyşdyrdy.  

mfa.gov.tm