Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili bilen duşuşuk

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Brýusselde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili Žosep Borrelliň arasynda duşuşuk geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen ÝB-nyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şol bir wagtyň özünde energiýa, ulag, sanlylaşdyrma, bilim we howanyň üýtgemegi ýaly meseleler geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistan–ÝB bilelikdäki topar, adam hukuklary boýunça gepleşikler we parlamentara gepleşikler ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmalaryň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine esaslanyp bu ugurda amala aşyrýan tagallalaryna we öňe sürýän başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şeýle-de taraplar şu ýylda Türkmenistanda ÝB–Merkezi Aziýa formatynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyny guramak meselelerine-de degip geçdiler.

mfa.gov.tm