Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk edýärler

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanda we Belgiýada gezekleşip geçirilýän Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi bilelikdäki komiteti hem-de Adam hukuklary boýunça dialog ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ähmiýetini aýratyn bellediler.

O.Skug ynsanperwer çygrynda Türkmenistanda alnyp barylýan işler, hususan-da kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem Ministr, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi we wezipeleri barada durup geçdi.

mfa.gov.tm