Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplary barada pikir alyşdylar.
Taraplar parlament wekiliýetlerini alyşmak tejribesini ýola goýmak arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan ýangyç-energetika toplumy we ösen tehnologiýalar ulgamy barada durlup geçildi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy möhüm ugur hökmünde kesgitlediler. Şol bir wagtyň özünde bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
mfa.gov.tm