Aşgabatda Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji martynda türkmen paýtagtynda Ýewropadak Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň iň möhüm temalary boýunça pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmek, suw baýlyklaryny zenanlaryň bu işlere gatnaşdyrylmagy maksady bilen howanyň üýtgemegi meselelerine aýratyn üns berildi.
ÝHHG-niň Baş sekretary öz çykyşynda gönüden-göni baglanyşykly, energiýa we azyk howpsuzlygyny, sebitdäki umumy abadançylygy we durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly häzirki ekologiki meselelerine, howa meseleleriniň esasy taraplaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýeti babatynda nygtady.
Maslahata gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bilimleri we öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, şeýle hem daşky gurşaw meselelerini çözmäge ýardam etmek üçin bilelikdäki strategiýalary işläp düzmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa sebitinde ÝHHG-niň başlangyçlarynyň we maksatnamalarynyň ähmiýetini bellediler.
Taraplar, şeýle hem howanyň töwekgelçiliklerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek üçin bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurlygy barada umumy pikiri beýan etdiler.
Türkmen tarapy, daşky gurşaw howpsuzlygynyň biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleri we ÝHHG bilen gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugur bolup galýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjynyň ähmiýeti klimat tehnologiýalaryny alyş-çalyş etmegiň zerurlygy bilen baglanyşykly esasy orny bellenildi.
Bu ugurdaky ähli esasy halkara konwensiýalara we şertnamalara goşulmak bilen, biziň ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyny alýan möhüm başlangyçlary yzygiderli çykyş edip, olaryň durmuşa geçirilmegine çynlakaý we jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Konferesiýasynyň 28-nji mejlisinde öňe sürlen başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ählumumy Metan borçnamasyna goşulmagynyň we ýurduň bu ugurda halkara guramalary we hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmäge taýýarlygynyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşykda taraplar suw we oba hojalygy, “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş, galyndylary dolandyrmak we zyýanly zyňyndylary azaltmak, jemgyýetiň we esasan hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meselesini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar.
mfa.gov.tm