Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy. 

Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.

Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň «Nest» Kongress merkezinde geçdi we onda türkmen halkynyň Milli Lideri many-mazmunly çykyş etdi.

Forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýä gelip görmäge we 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşykly we netijeli häsiýetini belledi.

Gahryman Arkadagymyz öz gezeginde Türkiýäniň baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen türk Liderine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Rejep Taýyp Ärdogana bu ýokary adyň dakylmagy bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Türkmenistan Prezidentine gutlaglar we bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany özüne Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly adyň dakylmagyna ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen “Bir millet – iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esaslardaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalar:

– Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; 

– “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 

– “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

mfa.gov.tm