img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-nde Meksikanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

photo

2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martinez Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we DIM-ara geňeşmeleri geçirmek arkaly syýasy-diplomatik ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirlerini beýan etdiler. Şeýle hem dürli halkara meýdançalarynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Medeni-ynsanperwer we ylmy-tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we atçylyk ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

mfa.gov.tm