Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen çäreleriň metbugat habary
2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy” atly halkara maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, GFR-iň, Eýranyň, Italiýanyň, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçileri çykyş etdiler.
Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen daşary syýasatynyň konseptual esaslaryny Magtymgulynyň wagyz eden beýik ýörelgeleriniň beýany hökmünde ynamly häsiýetlendirip boljakdygyny belläp geçdi. Onuň döredijiliginiň filosofiki bölegi, parahatçylygy, adalaty, ynsanperwerligi, dostlugy, watançylygy, aç-açanlygy we ähli halklara bolan hormaty goramakdaky sesi - bularyň hemmesiniň türkmeniň genetiki koduna girizilendigini belledi. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň onuň pikirleriniň we dünýägaraýyşlarynyň dowamydygy we türkmen halkynyň ondaky orny barada bellenilip geçildi.
Ýurduň daşary syýasatyny gurmagyň häzirkizaman meselelerine ünsi çeken R.Meredow bitaraplyk, parahatçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, türkmen döwletiniň howpsuzlyk, durnukly ösüş, ynsanperwer hem-de daşky gurşaw meselelerinde we başga-da birnäçe möhüm ugurlarda täzeçe pikirleri we başlangyçlary netijeli bolan Türkmenistanyň takyk kesgitlenen ädimleri yzarlaýandygyny nygtady.
Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň dialogy parahatçylygyň kepili hökmünde öňe süren başlangyçlarynyň möhüm ähmiýeti bellenip geçildi.
Maslahatda çykyş edenler, ählumumy adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösmegi üçin möhüm görkeziji bolup çykyş edýändigini bellediler. Döwletleriň özara gatnaşyklarynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürmegiň, durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösmegine ýardam berýän bitaraplyk syýasaty bilen berk baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Kabul edilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak bilen, Türkmenistan öz borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär hem-de syýasy, ykdysady we medeni güýjüni parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirýär.
Maslahatyň ahyrynda talyplaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlaryna “Türkmenistanyň ussat diplomaty” atly tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaş diplomatlaryny we Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplaryny döwletiň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin Daşary işler ministrliginiň diplomlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Maslahatyň çäginde halkara guramalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary bilen sergi gurnaldy.
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi, bu ýerde gatnaşyjylar täze okuw merkeziniň işleri bilen tanyşdylar.
Şonuň bilen birlikde, baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar milli diplomatiýanyň muzeýine baryp, milli diplomatiýanyň taryhy we häzirki ugurlary bilen tanyşdylar. “Türkmenistanyň ussat diplomaty” tapawutlandyryş nyşanyna eýe bolan görnükli diplomatlara bagyşlanan muzeýiň täze bölümi myhmanlaryň gyzyklanmasyny has-da özüne çekdi. Olaryň arasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň birnäçe ilçileri bar.
Şol gün, Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralarynyň hem-de ýurdumyzda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Daşary işler ministrliginiň, diplomatik wekilhanalarynyň we Aşgabatda ýerleşýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Şeýle hem baýramçylyk çäraniň maksatnamasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirilen türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin “Breýn-Ring” bäsleşigi girizildi.
mfa.gov.tm