Türkmenistanyň Prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Duşuşygyň dowamynda Stefano Pontekorwo Italiýanyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtady we şunuň bilen baglylykda, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklady.
Döwlet Baştutany Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär diýip belledi hem-de şu nukdaýnazardan, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň hem ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Italiýanyň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy munuň aýdyň beýanydyr.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň öz tarapyndan “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
mfa.gov.tm