Türkmenistan bilen Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna seredip geçdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar.

mfa.gov.tm