Türkmenistanyň wekiliýetiniň ulag-kommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlaryny kesgitlediler.

Şeýle-de, Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýer, sanagat, ulag we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de «NTT Group» we «NEC Corporation» ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda ulag-logistika we kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.

mfa.gov.tm