Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi.
Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigi barada belledi.
Bu babatynda 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine we hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen anyk başlangyçlar öňe sürüldi.
Duşuşykda geljegi uly bolan taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine üns çekildi. Hususan-da, özüne düşýän gymmaty ýokary bolan önümleriň eksport edilmegine ýapon kompaniýalarynyň çekilmegi, taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň diwersifikasiýasy, “ýaşyl” we wodorod energetikasy boýunça tejribäniň öwrenilmegi, döwrebap ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň çekilmegi boýunça meseleler maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda ýapon kompaniýalary senagat we energetika geçişi bilen bagly taslamalary amala aşyrmaklyga uly gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.
mfa.gov.tm