Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplaryň ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” formatynda ýola goýulan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanmasynyň bardygy bellenildi.
Duşuşygyň gün-tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak çykyş edip, bu babatynda bilim we ylym ulgamynda anyk çäreleriň geçirilmegini gazanmaklyga üns çekildi.
Taraplar 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum boýunça ýokary derejeli Forumyň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çäreleri hem maslahatlaşdylar. Bu ugurda şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa-Ýewopa Bileleşigi” formatyndaky nobatdaky ministrleriň duşuşygyny ýokary derejede geçirmeklige we oňa taýýarlyk görmeklige aýratyn üns berildi.
mfa.gov.tm