Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabatda 10-njy türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Forymyň işinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändikleri görkezildi.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Forumyň dowamynda şeýle duşuşyklaryň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, maýa goýum işini höweslendirmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanylyp durmuşa geçirilýän daşary syýasy ugur türkmen bazarynyň daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligini artdyrýar.

Dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň, işewürligi alyp barmagyň has oňaýly guramaçylyk-hukuk guralynyň döredilmegi dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Şeýle hem «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen bu geňeş uzak möhletleýin geljege niýetlenip, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.  

Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki döwrüň şertlerini we Türkmenistanyň möhüm ekologik meseleleri milli, sebit hem-de ählumumy derejede çözmek babatda durmuşa geçirýän maksada gönükdirilen başlangyçlaryny nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklarynyň göz öňünde tutulmagy taraplaryň ikisiniň hem anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle hem işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. «Case New Holland Industrial» kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki forumyň jemlerini jemledi.

mfa.gov.tm