«GOETZPARTNERS» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen Germaniýanyň "Goetzpartners" kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygy pudagynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäginde pikir alşyldy.

mfa.gov.tm