OWGANYSTANDA TÜRKMEN LUKMANLARY YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE IŞE BAŞLADYLAR

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Buýrugy esasynda 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda 3 sany türkmen lukmanlary owgan zenanlaryna hem-de çagalaryna bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesindäki 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup berlen 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüne geldiler.

Turgundy şäherçesinde lukmanlary owgan tarapy gyzgyn garşy aldy. Olar çaga dogrulýan öýünde owgan zenanlaryň we çagalaryň saglygyny bejermekde öz ýardamlaryny we maslahatlaryny berip işe başladylar. Lukmanlaryň sapary şu ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-nji maýynda bu çaga dorgulýan öýünde Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi mynasybetli ynsanperwer çäresi geçirildi. Onuň dowamynda ynsanperwer kömegi hökmünde saglyk öýüne zerur bolan derman we lukmançylyk serişdeleri hem gowşuryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, goňşy Owganystan üçin ýeňil bolmadyk döwürde goldaw bermek boýunça alyp barýan işlerini dowam edýär. Bu bolsa öz gezeginde, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat edýär.

mfa.gov.tm