HIMIÝA ÝARAGLARYNY GADAGAN ETMEK BARADAKY GURAMANYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI AKKREDITIRLENDI

2023-nji 3-nji aprelinde Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň (HÝAG) Baş direktory Fernando Ariasa bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi we Guramanyň Baş direktory Türkmenistanyň we HÝAG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada özara pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň başynda Ilçi S.Pälwanow Baş direktora Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Ilçi türkmen Hökümetiniň özüni Türkmenistanyň HÝAG-yň ýanyndaky Hemişelik wekili bellemek arkaly, bu abraýly Gurama bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has giňeltmäge hem-de berkitmäge bolan islegini beýan etdi.

HÝAG-yň Baş direktory Fernando Arias hem öz gezeginde, Guramanyň alyp barýan esasy iş ugurlary barada gürrüň berip, häzirki zamanada himiýa senagatynyň we farmasewtikanyň yzygiderli ösýän we özgerýän şertlerinde, himiki maddalaryň talabalaýyk öndürilişine we saklanyşyna, maksadalaýyk ulanylyşyna, olaryň söwdasynyň aç-açanlygyna gözegçilik etmekligiň hem Guramanyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi.

https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/819