TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 515 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny we tehniki kükürdi satyn aldylar. 

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 515 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

https://tdh.gov.tm/tk/post/35389/tdhcmb-nyn-sowdalarynda-gelesiklerin-umumy-bahasy-abs-nyn-22-million-515-mun-dollaryndan-gowrak-boldy