img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUMYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

photo

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Allakbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti forumyň ýokary derejeli syýasy bölüminde çykyş edip, Türkmenistan üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň daşary ykdysadysady syýasaty üçin möhüm strategiki ugurlaryndan biri bolup durýandygy barada belläp geçdi.

Şeýle hem, Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara we meýilnamalaryna goşmak arkaly we "Hiç kimi yzda galdyrmazlyk" ýörelgesine laýyklykda, Türkmenistanda DÖM-niň milli ykdysadyýete işjeň utgaşdyrylýandygy barada nygtaldy.

https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/814