Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Taraplar birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň başlygy hökmünde alyp barýan işine ýokary baha berip, sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak hem-de häzirki döwrüň ýüze çykýan täze wehimlerini nazara almak bilen, degişli çäreleri işläp taýýarlamak üçin şu gezekki sammitiň möhüm meýdança bolup durýandygyny nygtady. Şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türki dilli döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, olaryň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk etmek ugrunda çykyş edýär. Şunda Özbegistan Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Häzirki wagtda özara ynanyşmagyň we açyklygyň döwletara gatnaşyklara mahsus ýokary derejesiniň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde esasy şert hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkara giňişlikdäki gatnaşyklarynyň durnukly we netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Şunda iki ýurduň gatnaşyklary ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bellenilişi ýaly, köpugurly hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli ösdürilýär we ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ulgamlaryndaky gatnaşyklar işjeň giňeldilýär.

Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmak, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine wajyp ornuň degişlidigini bellediler we toparyň şu ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda geçirilen mejlisiniň jemleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda täze ädime öwrüljekdigine, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

https://tdh.gov.tm/tk/post/35151/turkmen-halkynyn-milli-lideri-turkmenistanyn-halk-maslahatynyn-baslygynyn-ozbegistan-respublikasynyn-prezidenti-bilen-dususygy