ÝUNESKO-NYŇ PARIŽDE ÝERLEŞÝÄN BAŞ EDARASYNDA HALKARA NOWRUZ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ilçihanalary we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalary bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan medeni çäräni geçirdiler.

Medeni çäre ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaýyň howandarlygynda Guramanyň baş edarasynyň kabul edişlikler zalynda geçirildi. Bu çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko, Fransiýanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, Parižde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynyň wekilleri, jemgyýetçiligiň we Fransiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýanynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalar gatnaşdylar.

Bu çäräniň çäklerinde dürli ýurtlaryň wekilleri tarapyndan guralan konsert we sergi geçirildi, şeýle hem milli tagamlar hödürlendi.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sergisinde türkmen el halylary, milli egin-eşikler we şaý-sepler, milli ýadygärlik sowgatlary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary ýerleşdirildi.

Şeýle hem, çäräniň çäklerinde «Türkmen äheňleri» aýdym-saz topary dürli türkmen saz gurallarynda - dutarda, gyjakda we ş.m. aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.  

https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/791