MUHAMMET KÖSSEKOW 27 ÝYLDAN SOŇ ERKEKLERIŇ ARASYNDA SAMBO BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA TÜRKMENISTAN ÜÇIN ALTYN MEDAL GAZANDY

Bişkekde geçirilen sambo boýunça 47-nji dünýä çempionatynda türkmen sportunyň senenamasynda taryhy waka boldy. 27 ýyldan soň sportuň bu görnüşinde Türkmenistanyň wekili erkekleriň arasynda dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ozal habar berlişi ýaly, bu ajaýyp üstünligi IIM-niň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň harby gullukçysy Muhammet Kössekow gazandy.

24 ýaşly zehinli türgen türkmen sportunyň taryhynda erkekleriň arasynda dördünji dünýä çempionydyr. Ilkinji bolup şeýle üstünligi 1992-nji ýylda Minskide geçen dünýä çempionatynda Joldybek Konirow (74 kg çenli agramda) gazandy. Şondan bir ýyl soň Omsk şäherinde geçen dünýä çempionatynda Baýrammyrat Mawyjaýew (57 kilograma çenli) çempion boldy. Wepa Abdyllaýew 62 kilograma çenli agramda erkekleriň arasynda 1995-nji ýylda Sofiýada (Bolgariýa) geçen dünýä çempionatynda hormat münberiniň ýokarky gatyna çykan üçünji türkmen türgenidir. Indi çärýek asyrdanam köp wagt geçensoň Muhammet Kössekow dünýä çempiony adyna eýe boldy.

Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçen dünýä çempionatynda türkmen samboçylary 6 medal eýelediler. M. Kössekowyň altyn medalyndan başga-da, Begenç Baltaýew kümüş, Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli), Guwanç Begalyýew (98 kg çenli), Batyr Hojamuhammedow (98 kilogramdan agyr) we söweş sambosynda Babajan Iwadullaýew (98 kilogramdan agyr) agramda bürünç medal eýelediler.

Geçen ýyl Daşkentde geçen sambo boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ̶ sport sambosynda – Nedir Allaberdiýew (79 kilograma çenli) we söweş sambosynda – Abdylla Babaýew (71 kilograma çenli) hem-de Rüstem Penjiýew (79 kilograma çenli) agramda üç bürünç medal eýeläpdiler.

Bişkekde geçen dünýä çempionatynda umumy toparlaýyn hasapda Russiýanyň ýygyndysy jemi 19 – (13 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç) medal toplap 1-nji, Gyrgyzystanyň topary (2-1-3) medal bilen – 2-nji we Belarusyň ýygyndysy (1-3-4) eýeläp – 3-nji orny eýelediler. Fransiýaly, belarusly we russiýaly türgenler Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) adyndan çykyş etdiler.

Sambo boýunça dünýä çempionaty 1973-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Zenanlaryň arasynda sambo boýunça dünýä çempionaty 1983-nji ýyldan bäri geçirilýär. 2018-nji ýyldan bäri erkekleriň arasynda söweş sambosy boýunça ýaryşlar çempionatlaryň çäklerinde geçirilýär.

2020-nji ýylda Halkara sambo federasiýasyny (FIAS) HOK doly derejede ykrar etdi.

Muhammet Kössekow 27 ýyldan soň erkekleriň arasynda sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistan üçin altyn medal gazandy (turkmenistan.gov.tm)