«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINE ÇAKYLYK

24-nji oktýabrda sagat 15:00-da «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsümine gatnaşmaga isleg bildirýän uly synp okuwçylary üçin onlaýn-synag geçiriler. Bu barada bäsleşigiň guramaçylary – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (DIM HGI) we institutyň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi yglan etdi.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin synaglar paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýokary okuw mekdeplerinde şu aşakdaky salgylarda geçiriler:

Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanyndaky Ýaş diplomatlar mekdebi;

Balkan welaýaty – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky şahamçasy;

Lebap welaýaty – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty;

Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk instituty;

Mary welaýaty – Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty.

Synaglar üçin meseleler iňlis dili, dünýä taryhy, intellektual we şahsy-psihologik ukybyny ýüze çykarmak ýaly üç ugurdan taýýarlanyldy. Okuwçylara 50 sowal we olara jogap bermek üçin 60 minut wagt berler.

Synagda iň gowy netije görkezenler bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanarlar. parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçtadan onuň guramaçylary bilen habarlaşyp goşmaça maglumat alyp bilersiňiz.

Ýakyn wagtda 2022–2023-nji okuw ýyly üçin «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşýanlaryň täze topary üçin ikinji möwsüm başlanar. Möçberli taslamanyň birinji möwsüminiň geçen tutuş okuw ýylynyň dowamyna çekendigini ýatladýarys. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeklerinden diplomatlyga höwesjeň 9-11-nji synp okuwçylarynyň onlarçasy gatnaşdy. Bäsleşikde bilim-başarnygyny görkezen ýeňijileri şu okuw ýylynda ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň talyby boldular.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67177/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-akyl-payhas-baslesigine-cakylyk