img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça geçirilen welosipedli ýöriş

photo

Owganystanyň Hyrat welaýatynyň “Dawander” welosipedçiler topary “TOPH taslamasy – parahatçylygyň nyşany” şygary astynda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinden Kandagar welaýatyna çenli aralykda welosipedli ýöriş geçirdiler.

Olar taslamanyň ugry boýunça Hyrat-Farah-Nimruz-Helmend-Kandagar welaýatlaryndan geçip, şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Kandagar welaýatynyň Spin Boldak etrabynyň owgan-pakistan serhedine baryp ýetdiler.