TÜRKMEN WE OWGAN LUKMANLARY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onda saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň başynda owgan tarapy bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de saglyk ulgamynda turkmen lukmanlary bilen işjeň gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýändiklerini aýtdylar. Olar lukmanlaryň birek-birege saparlaryny gurnamak bilen ýakyndan tejribe alyşmak usulynyň has-da netijeli boljakdygyny nygtadylar. Owgan tarapy agzalan ugurlarda özara tejribe alyşmak üçin türkmen lukmanlaryny Owganystanyň Hyrat welayatyna iş sapary bilen gelmäge çagyrdylar.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde, saglyk ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bildiren gyzyklanmalary we beren gyzykly gürrüňleri üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdylar.