Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýar.                                                  

Türkmenistan Eýranda bolup geçen, bortunda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi  we beýleki ýokary wezipeli adamlar bolan dikuçar heläkçiligi baradaky habary çuňňur ynjalyksyzlyk bilen kabul etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bu ýagdaýda goňşy ýurt bolan Eýranyň doganlyk halkyna ähli zerur bolan kömegi berer.

Türkmen tarapy bu ýagdaýa alada bilen garaýar we bu meselede Yslam respublikasynyň diplomatik gullugy bilen aragatnaşyk saklaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy.

mfa.gov.tm