Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti milli maliýe we bank ulgamyny we dürli pudaklarda giňişleýin meýilnamalary gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatlaýyn çäreleriň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmegiň we ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Hormatly Prezident Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini şol sanda . Döwlet Baştutany Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentiniň türkmen kärdeşleri bilen meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Hyzmatdaşlygyň ugrunda täze geljegi uly ugurlarynyň açylýandygyny göz öňünde tutup, baý tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmäge taýýardygy mälim edildi.

Şeýle hem, ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary pudaga ornaşdyrmak we “ýaşyl” energiýany ösdürmek üçin netijeli ädilýän ädimler, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durnukly energiýa pudagyndaky taslamalara we başlangyçlara gatnaşmagyna açylýan giň mümkinçilikler bellendi.

Ulag aragatnaşyk hususan-da Hazar deňziniň ugrundaky halkara ugurlary işjeňleşdirmek we ýurdumyzyň amatly geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup sebitde ulag we logistika ulgamyny ösdürmeklik hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde bellendi. Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar köpugurly ulag geçelgelerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi. Bu nukdaýnazardan döwlet Baştutany Türkmenistanyň BDÖB-den transport we tranzit koridorlaryny döretmek taslamalaryna gatnaşmak baradaky anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen  suwaryş desgalaryny gurmak we ýokary tehnologiýaly ýöriteleşdirilen enjamlary ulanmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde oba we suw hojalygy boýunça hyzmatdaşlyk meselesi gozgaldy.

 Mundan başga-da, taraplar kiçi we orta telekeçilige maliýe-karz bermek we bu ugurda maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek babatynda banklar bilen ýurdumyzyň hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselelerine üns berdiler.

mfa.gov.tm