Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 12-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy, duşuşygyň dowamynda geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Aksakgallar geňeşiniň Başlygy B.Ýyldyrym nobatdaky forumyň ýokary derejede guralandygy we Türkmenistanda mähirli garşylanandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Arkadaga minnetdarlyk bildirdi. TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň Aşgabatda geçirilmeginiň taryhy ähmiýete eýedigi aýratyn bellendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň paýtagtynda Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäreler maksatnamasynyň üstüni ýetirip, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrjakdygyna, forumyň türki döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Taraplar ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da, medeni-ynsanperwer dialogy giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmek barada pikir alyşdylar. Duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň Türki Döwletleriň Guramasynyň mundan beýläk-de netijeli işlemegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Mundan başga-da TDG arkaly ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmekde Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidigi nygtaldy.

mfa.gov.tm