Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow COP28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we UNEP-iň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassykladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegini durnukly ösüşe täsir edýän möhüm şert hökmünde kesgitleýär we 2019-njy ýylyň sentýabrynda howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy.
2022-nji ýylyň maýynda Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň milli derejede kesgitlenen goşandy tassyklanyldy. Ol BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariatyna resmi taýdan hödürlenildi.
Ekologiýa meseleleriniň çözülmegi bilen bagly çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howa tehnologi ýalary boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edildi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary we hyzmatdaş döwletler bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegi göz öňünde tutýar.
Duşuşygyň barşynda Aral meselesine hem deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllar aralygynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etdi. Şol döwürden bäri uly işler geçirildi. Köp wagtlyk arakesmeden soň, ilkinji gezek 2018-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda AHHG-nyň Sammiti geçirildi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2018- 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» baradaky Kararnamalary kabul etdi. Bu resminamalar AHHG-nyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, maksatnamalarynyň we gaznalarynyň, şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin esas boldy.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýokarda agzalan Ýörite maksatnamasyny döretmek meselesine degişli Kararnamany kabul etdi.
Tebigaty goramak ulgamynda Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlykda hazar meselesine hem möhüm orun berilýär. Şu ýylyň sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde ýurdumyz «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi girizdi. Ol Hazaryň daşky gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini aýawly saklamak, derwaýys ekologiýa meseleleriniň birnäçesini çözmek meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklar üçin halkara binýadyna öwrülmelidir.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, onuň oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
mfa.gov.tm