MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GECIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Owganystanyň Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynda medeni çäre geçirildi. Oňa Owganystanyň Hyrat we Badgis welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň 30-dan gowragy gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik şahyry, filosofy, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny buýsanç bilen labyzly okadylar.

Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine ýetendigini hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynynyň dünýä tanadylýandygyny bellediler.  Şahyryň Berkarar döwlet gurmak barada arzuw eden röwşen umytlarynyň durmuşa geçen zamanasynda, Ata-Watany Türkmenistanda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan tutuljakdygyny buýsanç bilen bildirdiler.

Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi geçirilip, ol owgan türkmenlerinde has-da uly täsir galdyrdy. Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby bilen tanyşan okyjylar bolsa, bu kitapda ýurdumyzyň taryhyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we asylly däp-dessurlarymyza hem aýratyn orun berilendigini bellediler.