Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Baş konsullykda Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň «Hakyda Göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärede çykyş edenler, medeni gymmatlyklary döreden türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň görkezilýändigi we milli taryhda ajaýyp yz galdyran beýik şahsyýetler hakynda gürrüň berilýändigi dogrusynda aýtdylar. «Hakyda göwheri» kitabynyň diňe bir ýurdumyzyň häzirki zaman syýasatynyň daýanýan geçmişiniň gymmatlyklary we däp-dessurlary barada bolman, ol zähmetsöýer türkmen halkyny, şol sanda, ýaşlary has möhüm üstünliklere we ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýandygyny belläp geçdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň soňunda, Owganystanly abraýly türkmen wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goňşy Owganystan döwleti bilen alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyna buýsanýandyklaryny nygtap, türkmen halkynyň Milli Liderine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri hem-de galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny arzuwladylar.