Owganystanly türkmenleriň «Magtymguly Pyragy» adyndaky medeni jemgyýetiniň futzal topary 2024-nji ýylyň 23-30-njy oktýabry aralygynda Aşgabat we Mary şäherlerinde saparda boldylar
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, Owganystanly türkmenleriň «Magtymguly Pyragy» adyndaky medeni jemgyýetiniň futzal topary 2024-nji ýylyň 23-30-njy oktýabry aralygynda Aşgabat we Mary şäherlerinde saparda boldylar. Saparyň maksatnamasyna görä, olar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgähi toplumyny, Döwlet muzeýini, Türkmen halysynyň milli muzeýini we Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesini synladylar. Şeýle hem, myhmanlar Mary welaýatynyň Merw ýadygärlikler toplumyny, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini hem-de welaýat kitaphanasyny baryp gördiler. Bu futzal toparynyň «Köpetdag», «Senagatbank» we Mary welaýatynyň futzal ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiren ýoldaşlyk duşuşyklary diýseň çekeleşikli boldy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşan türgenler özleriniň erjelliklerini görkezmegi başardylar. Çekeleşikli geçen ýoldaşlyk duşuşygy özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy we ökdeleri ýüze çykardy.