Owganystanyň Bathyz welaýatynyň Balamurgap etrabynyň Marçak oabsynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Owganystan türkmenleriniň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýeti tarapyndan, owgan türkmenleriniň kowçum bolup ýaşaýan Bathyz welaýatynyň Balamurgap etrabynyň  Marçak obasynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Çärä Bathyz welaýatynyň we Balamurgap etrabynyň ýerli häkimiýet, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de owganystanly türkmenleriň abraýly wekilleri gatnaşdylar.