Türkmenistanyň Owganystandaky(Hyrat.ş) Baş konsuly B.Ýolow bilen Hyrat welaýatynyň häkimi N.A.Islamjaryň arasynda duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Hyrat welaýat häkiminiň «Bage Azadi» rezidensiýasynyň binasynda Baş konsul B.Ýolow bilen Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjaryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Nur Ahmad Islamjar Türkmen tarapy bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Owganystan–Türkmenistan–Gazagystan–Hytaý ugry boýunça ýük gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmek hem-de Owganystanyň miwe önümleriniň we gury iýmişleriniň Türkmenistana eksportyny ýola goýmaklyga owgan tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Baş konsul B.Ýolow owgan tarapynyň gyzyklanmalaryny makullap, iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny we
ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge türkmen tarapynyň taýýardygyny aýtdy.